TM HYZMAT MUSIC
Myrat Molla


Myrat Molla

Ol 1989-njy ýylyň 14-nji awgustynda Balkan welaýatynyň Balkanabat (Nebitdag) şäherinde dünýä inýär. Ol şol şäheriň 17-nji orta mekdebini tamamlaýar. Myrat sungat ýoluna heniz 3 ýaşynda wagty sahna çykyp başlaýar. Çagalar bagynyň arasynda geçirilýän basleşiklerde birinji orny eýeleýärdi. Ol 5 ýaşynda Saparmyradyň keşbini janlandyrdy. Şondan soň ol aktýorlyk ukybyny has kämilleşdirip başlady. 1998-nji ýylda ýurdumyzda geçirilýän "Garaşsyzlygyň merjen däneleri" atly çagalar bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 1999-njy ýylda Laurýat boldy. Onyň ilkinji halypasy öz agasy Döwletgeldi Mollaýew (artist). Soňra Türkmenistanyň halk artisty Orazdurdy Meredow (artist,režissýor), Öwezmämmet Galandarov Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň ilkinji artistleriň hatarynda şol teatryň ilkinji spektakylyň esasy keşbini ýerine ýetirýär. Oýnan spektakllary "Kim bagtly", "Magtymguly", "Deňiz hüwdisi", "Topragyň mähri", "Ak alanlaň aýdymy", "Jygalybegiň zürýatlary", "Mollanepes", "Böwenjik", "Bagt kenary" we başgalar. Gülki agşamlarynda çykyş edip 2007-nji ýylda geçirilen "Sahandazlar" atly gülkili satira ýarşynda birinji ornyny alýarlar. Şol ýylda watan gullygyna gidýär we 2009-nji ýylda watan öňündäki borjuny tamamlaýar. 2010-njy ýylda dosty Ýagşy Goşunow bilen Aşgabatdaky gaýtadan dikeldilen Türkmen döwlet sirkinde işe baslayarlar. Olar kloun degismelerini oynadylar hem konserdi alyp bardylar. Olaryň iň soňky halypasy ýol gorkezijisi Täçmämmet Mammetweliýe we soňra "Ýaşlyk" teleýaýlymynda "Ýeserje körpeje", "Artist bolasym gelýär" atly gepleşigi alyp bardy. Sonra kinolarda oýnap başlady Hojanyň kinosynda, "Ýüregim sende", "Seniň yşgyňda". 2013-nji ýylda TDMI-da bilim alyp başlaýar. Onuň birnäçe şekilli kliplary "Türkmen owazy" teleýaýlymynda adamlaryň aýratyn ünsüni çekdi.


Aýdymçylaryň maglumatyny paýlaş:


Okaldy: 1400.


Aýdymça baha ber:

Reýting: 4.6/5 (46 baha berildi berildi)

Aýdymçylar hakda hakda pikirleriňizi paýlaşyp bilersiňiz! (diňe adyňyzy görkezseňiz bolýar)

(23)



 emine

men sizin uly hayranynyz degismeleriniz bet tazelerine garasyan
14.05.19 19:33
 Rape

Myrat daş etýäñow.Berekella. Täze degişmelere garaşýan
29.04.19 18:02
 Alişka

Myrat sahnaňyz gaty gülküli gülüp tas aglaýardym degişmeleriň üçin köp sagbol has-da ç.ronaldo hakynda gowy gidýär
25.04.19 15:50
 Meylis

Salawmalikim myrat degismelerin gaty gowy yene taze dismeler cykar
20.04.19 19:35
 Maya

slm Myrat sizin gilkili sahnalarnyza asuk men
15.04.19 23:37
 WEPKA

Salowmalikim Myrat meňem burnum seniň burnuň ýaly!
13.04.19 10:18
 HATYJA

😂😂😚😚👍👍👏
12.04.19 13:42
 dovlet

bet😎😎😎😎
10.04.19 23:31
 Kkv

Tüýs men bola
03.04.19 14:49
 Maral

😍😍😍
31.03.19 18:32
в начало  назад>> 
показаны записи 23-14

Teswir galdyr





Aýdym Gyzykly Lenta Kino Habarlaşmak