Aýdymçy Timati - TM HYZMAT MUSIC

TM HYZMAT MUSIC
Timati durmuşy, ösüşi, maşgalasy!


Aýdymçy Timati

Russiýanyň rep-ýerine ýetirijisi, 4-nji “Фабрика Звёзд” teleýaýlymdan soň meşhur bolandyr.

Lakamy: Timati

Hakyky ady: Timur Ýunusow Ildarowiç

Durmuşy:
Timur Ýunusow gurply maşgalada eneden boldy. Onuň kakasy telekeçi-inwestor Ildar Wahitowiç Ýunusow, haýsyndan Timati hem telekeçilik işini alyp barýar, gelip çykyşy tatar. Artistyň ejesi Simona Ýakowlewa Ýunusowa, gelip çykyşy ýewreý. Timati – maşgalada ýeke çaga däldir, onuň Artýom atly 3.5 ýyl kiçi oglan dogany bardyr, aýdym sungatynda DJ Temniy lakamy bilen meşhurdyr.
Rep we hip-hop bilen Timati 13 ýaşynda gyzyklanyp başlady, oňa sebäp bolup ABŞ-da rep sungatyň çeşmesinde bolup görmegi itergi berendir. Takmynan şol wagtlarda hem ol ilkinji tatu-şekilini etdirdendir – otly drakon.
1998-nji ýylda Timati VIP77 topary esaslandyrdy. Onuň düzümine dostlary: Paşa, Babe Lee, MC Dinamit, Master Spensor, Leo we Dominik Joker girdi. Umumy gyzyklanma esasynda ol Desl bilen tanyşdy, aklyna hem gelenokdy Desl kakasy meşhur produser Aleksandr Tolmaskiý-dygyny. Timati Desl-a albom ýazmakda kömek edýärdi – ony bek-wokal “Kim sen” atly bölekde diňläp bolýar, şeýlelikde “Deslyň öýündäki şagalaň” atly klipde görüp bolýar. Döredijilikli hyzmatdaşlyk uzaga gitmedi, çünki aýdymçylaryň ýollary aýry düşdi.
Mekdebi tamamlandan soň Timati ýokary okuw ykdysadyýetine okuwa girdi, emma ýarym ýyldan ony taşlady, sebäbi öz şahsy dostlary bilen alyp barýan durmuşyny okuw bilen sygdyryp bilmändi. Ilkinjilerden bolup meşhur Moskwaň “Most” we “Marika” atly gijeki klublarynda promouter bolup işledi.
Timati häzirki wagt aýdym sungatyny dowam edýändir, mümkin ýakyn wagtlarda tiz tagam, egin-eşik we özbaşdak leýblyň hataryna ýene futbol kluby birikdirilmegi mümkin. 2017-nji ýylyň martynda Timati öz şahsy futbol klubyny döretmek niýetini aýtdy. Klubda oýnajak oýunçylar 2000-2001 ýyllar aralykda dogulanlar bolar, ekspertlar Timati ilkinji maýa goýjak 10 million rubl goýumyny eşidende güldiler. “Timati bu maýa goýumy stol-futbol toparyna ýetäýmese” diýp futbol menejeri Ýuriý Belous pikirini beýan etdi.

Ösüşi:
Timati “Banda” atly toparyň agzasydy. Soňra 2006-njy ýylda ol öz ösüş ýoluna gadam basdy we Black Star Inc atly produserlyk merkezini esaslandyrdy. Timati meşgullygy aýdymyň çäginden çykýadyr: bu ýagny egin-eşik, tiz tagamlar we kino düşürmek.
1998-nji ýylda Timati VIP77 topary esaslandyrdy. Onuň düzümine dostlary: Paşa, Babe Lee, MC Dinamit, Master Spensor, Leo we Dominik Joker girdi. Umumy gyzyklanma esasynda ol Desl bilen tanyşdy, aklyna hem gelenokdy Desl kakasy meşhur produser Aleksandr Tolmaskiý-dygyny. Timati Desl-a albom ýazmakda kömek edýärdi – ony bek-wokal “Kim sen” atly bölekde diňläp bolýar, şeýlelikde “Deslyň öýündäki şagalaň” atly klipde görüp bolýar. Döredijilikli hyzmatdaşlyk uzaga gitmedi, çünki aýdymçylaryň ýollary aýry düşdi.

Maşgalasy: Kakasy telekeçi-inwestor Ildar Wahitowiç Ýunusow
Ejesi Simona Ýakowlewa Ýunusowa
Artýom atly 3.5 ýyl kiçi oglan jigsi


Aýdymçyň maglumatyny paýlaş:


Timati hakda pikirleriňizi paýlaşyp bilersiňiz! (diňe adyňyzy görkezseňiz ýeterlik)

(0)



Teswir galdyr